Ykdysadyýet
21.10.2026
61
Asylly maksat ugrunda
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak Balkan welaýatynyň nebitgazçylarynyň hem asylly maksadydyr. Şeýle maksatdan ugur alyp zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi tarapyndan şu ýylda gaz kondensaty bilen bilelikde ýer astyndan çykarylan «gara altynyň» umumy möçberi 492 müň 803 tonnadan gowrak bolup, meýilnama 103 göterim hötde gelindi. Kärhana tarapyndan çykarylýan uglewodorod çig maly döwlet ammaryna bökdençsiz ugradylýar.