Asyr bilen ýaşytdaş

Ýurduň çäginde
25.01.2023
165

Asyr bilen ýaşytdaş

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşy arka atan ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi. Halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan ene eşretli günlerimize tüýs ýürekden guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.

Alty doganyň biri bolan Älem ene ýaşlygyndan tagam taýýarlamakda, keşde çekmekde, haly-palas dokamakda, keçe güllemekde, aýdylyşy ýaly, öňüne zenan geçirmeýär. Ol öz obadaşy Alaý Hallysähedow bilen durmuş gurýar. Döwrüniň kynçylykly ýyllarynyň güzabyny gözi bilen görýär, egni bilen çekýär.

— Ýaş wagtymyz bir döwüm çörek üçin gijämizi gündiz edip işlärdik. Adamym bilen gündiz mal-garanyň yzynda gezerdik, meýdan işlerine-de ýetişerdik. Gün eňegini ýere berende öýe dolanardyk, gijäniň ýary bolýança-da öçügsi çyranyň ýagtysyna tikin tikerdim, ellik--jorap örerdim. Her kimiň bu günki iýjegi tapylsa ertiri gaýgydyr. Soňra uruş belasy başymyzdan indi.

Uzak ýaşamagyň syry barada soranlarynda, ilkinji nobatda, hemişe hereketde bolmaly diýip, arkaýyn aýdyp bilerin. Galyberse-de, ruhubelentlik, kadaly uky we dogry iýmitlenmek — ýaşyňy uzaldýan zatlar. Heniz aga-gara düşünip başlanymyzdan, ejem bizi bir salymam işsiz oturtmazdy. Soň-soňlar bu durmuş endigi bolup galdy. Häzirem 100 ýaşadym diýip, gol gowşuryp oturamok. Agtyk-çowluklarymy hünäre ugrukdyrýaryn. Aýratynam, ýaş gyz çowluklarymyň golaýymda ýaşaýanlaryny ünsden düşüremok. Ýaşlary, onda-da ýaş gyzlary zähmete ugrukdyrmak borjy hemişe-de enäniň egninde durýar.

Ýaşan ýyllarymyň häzirki döwre deň geljegi ýokdur. Şunuň ýaly rysgally, döwletli zamany gören däldirin. Bolelin ýaşaýarsyň, işläbermeli, döredibermeli — diýip, asyr bilen ýaşytdaş ene gürrüň berýär. Hawa, bagtly maşgala baş bolup oturan mährem enäniň 10 çagasy, 38 agtygy, 83 çowlugy, 10 ýuwlugy bar. Kiçiräk bir türkmen obasyny ýatladýan bu maşgalanyň uly-kiçi agzalarynyň mähriban enäniň pent-nesihatlaryny diňläp oturyşlaryny synlanyňda, bagtyň agzybirligiň we birek-birege sylagyň bar ýerinde baky ornaşýandygy baradaky pikir seriňe dolýar.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde