Asyrlar dowam edýän senet
Aslyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan agaç ussaçylyk senedi hem häzirki günlere täze röwüşde dowam edip gelýär. Agaçdan ýasalan çemçe, okara, çanak, ik, sandyk ýaly önümler hojalykda zerur esbaplar hökmünde ulanylypdyr. Şunuň bilen birlikde, altyganat ak öýleriň süňňi-söýesem, tüýnük-tärimem, ugdur çagarygam agaçdan ýasalypdyr. Halkymyzyň milli gymmatlyklary bolan dutaram, gyjagam, suw çykarmak üçin ulanylan jykyrlaram agaçdandyr. Şonuň üçinem halkymyzda agaç ussaçylygy pirli senet hökmünde arzylanypdyr.
Agaç ussaçylyk senedinde dagdan, tut, söwüt ýaly agaçlardan ýasalan esbaplar özüniň durkuny uzak wagtlap saklap bilipdir. Dürli bezeg önümlerini ýasamakda dagdan agajyna uly orun degişlidir. Dag ýerlerinde bitýän örän gaty, berk agaç bolan dagdan agajyny zergärler hem ýasaýan şaý-seplerinde ulanypdyrlar. Bu agajyň bölejigini ýonup, dürli şekiljikleri ýasap, onuňam daşyny kümüş bilen bezäpdirler.
Häzirki döwürde agaç ussaçylygy has-da kämilleşdirilip, agaç ussalary tarapyndan sowgatlyk önümleriň dürli görnüşleri ýasalýar.