
Asyrlardan habar berýän şaýylyklar
Ata Watanymyz Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, taryhda dünýäniň düli künjeklerinden täjirleriň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri bolupdyr. Adamlar ilkibaşda haryt alyş-çalşygynyň üsti bilen söwdalaryny amala aşyrypdyrlar. Ynsan aňynyň barha kämilleşmegi netijesinde ýyllaryň geçmegi bilen dürli metallardan şaýylyklar ýasalypdyr. Soň-soňlar ýörite zikgehanalarda hümmetini uzak wagtlap saklaýan dürli şaýylyklar zikgelenipdir. Olar döwletleriň çäklerinde dürli harytlary satmakda we satyn almakda esasy serişde bolup hyzmat edipdir. Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň «Gadymyýet» bölüminde hem şeýle şaýylyklaryň dürli görnüşleri öz mynasyp ornuny tapýar. XI-XII asyrlar bilen senelenýän şaýylyklaryň aglaba köpüsi mis metalyndan ýasalyp, olaryň gödeňsi tegelek görnüşleri bar. XIX asyrlar bilen senelenýän kümüş şaýylyklar bu tekjäniň bezegini has-da artdyrýar. Tekjäniň merkezinde XIX-XX asyrlaryň dürli ýyllarynda ulanylan kagyz pullaryň dürli görnüşleriniň hem rejeli ýerleşdirilendigini bellemek gerek.