Awazadaky marafon ýaryşy
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň, welaýat häkimliginiň hem-de welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda marafon ýaryşy geçirildi. «Parahatçylyk we durnukly ösüşe tarap batly gadam» ady bilen 5 kilometr aralyga guralan marafon ýaryşy dört tapgyrda geçirildi. Ýaryş başlanmazyndan öňinçä bu ýerde aýdym-sazly dabara guralyp, türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Soňra ýaryşlara badalga berildi. Uly ýaşly erkekleriň arasynda guralan marafon ýaryşynda birinji orny Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Şyhberdi Ezizow eýeledi. Ýetginjekleriň arasynda bolsa şeýle netijäni Türkmenbaşy şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň türgeni Jumanyýaz Jumanyýazow görkezdi. Aýal-gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa pellehana ilkinji bolup Gyzylarbat etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aleksandra Gurbanýazowa gelmegi başardy. Ýaş gyzlaryň arasynda Türkmenbaşy şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň türgeni Nagiýa Ahmedowa ýeňiji boldy.