Awazadaky şatlykly günler

Jemgyýet
21.06.2025
59

Awazadaky şatlykly günler

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirmegi, oňat dynç almagy, bedenlerini berkitmegi, ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Bu merkezde täze okuw ýylyna çenli, ýagny tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar tapgyrma-tapgyr dynç alýarlar we her tapgyrda 280 çaga kabul edilýär. «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan körpeleriň arasynda dürli bäsleşikler, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Olar sportuň dürli ugurlary boýunça güýç synanyşýarlar, aýdym aýtmakda, goşgy okamakda, surat çekmekde başarnyklaryny görkezýärler. Merkezdäki kompýuter otagy, kitaphana, naharhana, sport zaly we meýdançasy, howuz körpeleriň hyzmatynda. Olar kitaphanada gyzykly ertekileri okaýarlar. Dürli gurnaklara gatnap, aýdym aýdýarlar, saz çalýarlar. Muzeýlerdäki taryhy gymmatlyklar bilen tanyş bolýarlar. Deňziň kenarynda gezelenç edýärler. Ol ýerde köpçülikleýin sport maşklaryny höwes bilen ýerine ýetirýärler. «Jadyly kenar», «Älemgoşar», «Deňiz merjeni» oýun-attraksionly seýilgählere guralýan gezelençler has-da täsirli bolup, çagalar ol ýerlerde dürli oýunlary oýnaýarlar, hiňňildiklerde uçýarlar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň çagalar üçin hezilliklerden doly günleri dowam edýär.