
Çäreler
13.06.2024
135
Awazadaky şowhunly çäreler
Diýarymyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem şowhunly çäreler, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri biri-birine ulaşyp, şadyýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşi tarapyndan “Daýanç” sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşikler hem şeýle çäreleriň hataryny artdyrdy. Olara gatnaşan çagalar çägeden şekilleri ýasamak, milli oýunlar we tanap çekişmek boýunça bäsleşdiler. Ýaryşlaryň ýeňijilerine we olara gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.