Awazadaky şypaly we sapaly günler
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Balkan welaýat häkimliginiň «Balkan» dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalaryň tomusky dynç alşy guramaçylykly dowam edýär. Welaýatymyzyň şäherlerinden, etraplaryndan gelen mekdep okuwçylary bu ýerde wagtlaryny şatlykly, gyzykly geçirýärler. Merkezde çagalar alada bilen gurşalýar. Mawy deňziň kenary, gözýetime uzalyp gidýän suw giňişligi çagalaryň kalbyny heýjana salýar. Olar dürli oýunlary oýnaýarlar, aýdym aýdýarlar, tans edýärler. Kitaphanada kitap okaýarlar. Kinozalda filmlere tomaşa edýärler. Sport meýdançalarynda türgenleşik geçýärler. Medeni-köpçülik çärelerine, sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar.
Awazanyň gözel ýerleri oglanlarda we gyzlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Olary deňziň kenaryndaky «Jadyly kenar», «Älemgoşar», «Deňiz merjeni» atly attraksionly seýilgählerde ýygy-ýygydan görmek bolýar.
Türkmenbaşy şäher medeniýet bölüminiň aýdymçylary, tansçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri bu ýerde myhmançylykda bolýarlar, dürli çäreleri gurap, tebigat gözellikleri, oňa aýawly çemeleşilmelidigi barada täsirli gürrüňleri berýärler. Çagalar şol çärelerde aýdym aýdýarlar, tans edýärler.
- Ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Her ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde «Balkan» dynç alyş we sagaldyş merkezine dynç almaga gelýärin. Bu ýer maňa diýseň ýaraýar. Welaýatymyzyň dürli künjeginden gelen täze dostlarym, ajaýyp deňiz howasy, tebigat gözelligi, guşlaryň şirin nagmalary hiç wagt ýadymdan çykmaz - diýip, Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Ýasin Ýagmyrow gürrüň berýär.