Aý daglary
Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby täsin tebigaty bolan jülgeleri, daglary bilen tapawutlanýar. Şolaryň biri-de etrapda ýerleşýän Aý daglarydyr. Gyzylarbat şäherinde çykyp, Magtymguly etrabynyň merkezine barýarkaň, ýolda nazaryň Aý daglarynda eglenýär. Täsin dag jülgesini gurşap alan daglaryň görnüşi beýleki daglara meňzemeýär. Günbatar Köpetdagda ýerleşen Aý daglary özboluşly tebigy aýratynlyga eýedir. Beýikligi 15-20 metr töweregi bolan ýylçyr depeler, baýyrlar Aýyň üstüne meňzeş görnüşi emele getirýärler. Tebigy hadysalaryň täsiri bilen daglaryň ýiti burç şekilindäki üstleri ýylmanypdyr. Dag jynslary ýaşylymtyl çal, käbir ýerlerinde gyzylymtyl goňur reňkdedir. Ýanardaglary ýatladýan daglaryň käbir ýerlerinde köp ýyllaryň dowamynda ýelleriň getiren topraklarynda ösümlikler ösýär diýäýmeseň, Aý daglarynyň köp ýerlerinde agaçlara, otlara gözüň düşmeýär. Ençeme ýyllaryň dowamynda ýagan ýagyşlar depelerde, baýyrlarda täsin nagyşlary — dürli şekilli zolaklary emele getiripdirler.
Aý daglary olardan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Parhaý jülgesiniň gözellikleri bilen sazlaşýar.