Aýal-gyzlaryň bäsleşigi
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy hem-de milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli guralan bäsleşige welaýatyň bank ulgamynda işleýän aýal-gyzlar gatnaşdylar. Olar şertlere laýyklykda, ýurdumyzyň bank ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri hem-de häzirki wagtda alnyp barylýan işleri buýsançly çykyşlarynda, şeýle-de gazallaryň, goşgularyň, aýdym-sazlaryň üsti bilen wasp etdiler. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap esasynda taýýarlan milli tagamlary, işdäaçarlary bilen saçak bezemekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Milli tagamlaryň we naz-nygmatlaryň waspyny çeper sözlerde beýan etdiler. Netijede, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Balkan» şahamçasynyň kassiri Şabibi Durdyýewa birinji, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Rysgally Balkan» şahamçasynyň hünärmeni Jemalsoltan Öräýewa ikinji we «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň hünärmeni Gülýaýla Amanowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Birinji we ikinji orunlara mynasyp bolanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.