Aýal-gyzlaryň woleýbol ýaryşy

Sport
17.05.2025
533

Aýal-gyzlaryň woleýbol ýaryşy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça aýal-gyzlardan düzülen toparlaryň arasynda geçirilen Balkan welaýatynyň açyk çempionaty gyzykly hem-de çekeleşikli häsiýete eýe boldy.

Janköýerleriň şowhuny astynda geçen oýunlaryň netijesi boýunça birinji orna Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň sport mekdepleriniň türgenlerinden düzülen topar mynasyp bolmagy başardy. Ikinji orny şol şäherçäniň edara-kärhanalarynda dürli kärlerde zähmet çekýän aýal-gyzlardan ybarat topar eýeledi. Magtymguly etrabynyň sport mekdebiniň türgenleri üçüni orna eýe çykmagyň hötdesinden geldi. Ýaryşda ýeňiş gazanan topara kubok, Hormat hatlary we medallar, sowgatlar, şeýle-de öňdäki orunlara mynasyp bolan toparlara medallardyr Hormat hatlary we sowgatlar  dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.