Aýdyma aşyk Aýhan

Çäreler
10.10.2024
265

Aýdyma aşyk Aýhan

Zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Balkan welaýatyndan Türkmenbaşy şäherindäki 4- nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýhan Serdarow ýeňiji bolmagy başardy. Ýaşajyk aýdymçy bäsleşigiň döwlet tapgyrynda “Gözel Sumbaryň nary” diýen aýdymy ýerine ýetirdi.

Kalby aýdym-saza söýgüden doly Aýhan okuwdan boş wagtlary Türkmenbaşy etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk bölümine gatnaýar. Ol ýerde oňa mugallymy Nurgylyç Annagylyjow halypalyk edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylmagy hem ýaş zehini täze üstünliklere ruhlandyrypdy.

Aýdym-sazy hemra edinmek bilen birlikde, Aýhan Serdarowyň ähli okuw derslerinden hem diňe bäşlik bahalar bilen okaýandygyny bellemek gerek. Ýaş aýdymça geljekde hem diňe üstünlikler ýar bolup, mahmal owazy hemişe belentden ýaňlansyn!