
Aýdymlary — kalba ylham
Ýurdumyzda aýdym saz sungatyny hemra edinip, diňleýjileriň söýgüsine mynasyp bolan aýdymçylar köp. Şolaryň biri-de özüniň mahmal owazy bilen köpleri bendi eden bu ýigit bu günki gün Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde birinji orna mynasyp bolan Aly Alyýewdir.
Aly çagalykdan aýdym-saza imrigip ugraýar. Ony sungatyň bu ýoluna ugrukdyran şahyr käbesi Akibibi Alyýewadyr. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda adygan halypalardan tälim alan Aly Bereket etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň «Bagşyçylyk sungaty» bölüminde okaýarka, aýdym-saz älemindäki ilkinji ädimlerini ädýär. Meşhur Molla Çäkliýewiň şägirdi, halk içinde giňden tanalýan Amanguly Baýramgulyýew söhbedini edýän aýdymçymyzyň ilkinji halypasydyr.
Aly entek orta mekdebe hem gatnap başlamanka, egninden dutarjygyny asyp, ir säher bilen, hatda käteler entek halypasy oýanmanka, Amanguly agalara baryp, olaryň işiginde garaşar oturar eken. Ine, çagalykdan başlanan şol yhlasdyr höwes hem ony bu günki gün ýurdumyza belli sungat ussatlarynyň hataryna goşdy. Tüýs «Yhlasa — myrat» diýenleri. Geçen ýylyň «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň dakylmagy Aly Alyýewiň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.
— Ynsan, ilki bilen, durmuşda özüni tapmaly, öz ukybyny açyp görkezmegi başarmaly. Onsoňam hiç haçan ýaltanmaly däl, irginsiz zähmet çekmeli. Sungat adamy mydama gözlegde bolmaly. Şu günlerem täze aýdymlarymyň üstünde işläp ýörün. Ýakyn günlerde halk köpçüligine ýetirerin — diýip, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» aýdym-saz toparynyň 1-nji derejeli artisti, aýdymçy Aly Alyýew gürrüň berýär.