
Aýdyň maksatlar dabaralanýar
Şu gün ýagny, 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Mejlisde, “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy. Biziň habarçymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy Umyt Baýhanow bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşimiz bize şu aşakdakylary gürrüň berdi.
Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary Mejlisi milli demokratiýanyň ýörelgeleri esasynda geçirilip, türkmen halkynyň ata-babalardan gelýän “Maslahaty biçilen don gysga bolmaz”, “Maksatly ýol, aýdyň ýol” ýaly pähim parasatlaryndan ugur alnyp, türkmen döwletini geljegki 30 ýylda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu maksatnama boýunça dürli pudaklaryň wekilleriniň çykyşlary diňlenilip, ýaşuly nesliň wekilleriniň eden çykyşlary, beren maslahatlary we olaryň durmuş ýollary baradaky beren gürrüňleri has-da täsirli boldy.
Mälim boluşy ýaly dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň, internediň has-da ösýän döwründe döwlet dolandyryşynda ýaş tejribeli ylymly, bilimli, zehinli ýaşlaryň tutýan orny has möhüm hasaplanylýar. Bu gün türkmen ýaşlary halkara olimpiýadalaryna, innawasion bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýalar. Döwrüň möhüm talabyndan ugur alnyp, geljekde ýaşlary döwlet dolandyryşynyň jogapkärli wezipelerine bellemek wezipeleriniň orta atylmagy türkmen ýaşlaryny has-da beýik işlere bolan höweslerini ruhlandyrdy. Biz türkmen ýaşlary döwrüň täze eýýamynda öz üstümize ýüklenen wezipeleriň abraý bilen hötdesinden geljekdigimize, ata-babalarymyzdan gelýän watansöýjilik, edermenlik, gaýdusyzlyk häsiýetlerinden ugur alyp, eziz Watanymyzyň mundan-da beýläk gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň asuda, bolelin parahat durmuşyň hözürini görüp ýaşamagy üçin janymyzy aýaman halal zähmet çekjekdigimize bize uly ynam bildiren eziz halkymyzyň mukaddes ynamyny ödejekdigimize ynandyrýarys. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar barada: “Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir. Men merdana halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri hsapalaýaryn” diýen sözleri ýaşlarymyzyň hemişe göwünlerini galkyndyryp, ruhlaryny belende göterýär diýip Umyt Baýhanow sözüni jemledi.
Tutuş türkmen halky ýaşlaryň geljek 30 ýylda “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmekde özlerine bildirlen jogapkärli wezipeleriň abraý bilen hötdesinden geljekdiklerine, ýaşuly nesliň wekilleriniň bolsa ýaşlara halypalyk edip, olara öwüt-nesihatlaryny berip ak ýola atarjakdyklaryna halkymyzyň asuda döwletde parahat, bolelin durmuşyň hözürini görüp ýaşajakdygyna uly ynam bilen garaýar. Dünýä nusgalyk özgertmelerde ýurduň egsilmez kuwwaty bolup durýan ýaş nesillerimiziň şol düýpli özgertmelere mynasyp goşant goşup, röwşen geljegimiziň binýadyny pugtalandyrmakdaky, Diýarymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmekdäki, milli demokratiýany kämilleşdirmekdäki tagallalarda öňdäki hatarlarda bolmaklarynda ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Prezidentimiziň hemişe jany sag, ömri uzak bolup, tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!