Aýraklar

Ýurduň çäginde
20.02.2026
29

Aýraklar

Günbatar Köpetdagda süýdemdiriji haýwanlaryň 52 görnüşi gabat gelip, şolaryň içinde owadan jandarlaryň biri-de aýraklardyr. Aýraklar, ýagny dag goçlary daglarda ýaşamak bilen, açyk giňişliklere-de aralaşýarlar. Olar arça we pisse selçeň dag tokaýlyklary bolan ýalaňgat dag eňňitlerinde, çöl ösümlikleri bolan dag ýaýlalarynda, baýyrly dag etegi düzlüklerinde, kiçiräk depeliklerde otlamagy halaýarlar. Aýrak örän owadan, ýeňil gopýan, uzyn aýakly, inçe boýunly, belent başly, syratly haýwandyr. Onuň reňki sarymtyl-çypar, äňiniň aşagynda solgun reňkli gür sakgaly hem-de burlan uly şahlary bolup, uzynlygy 92 santimetre ýetýär. Aýraklar irden, agşamara, käte gijesine otlaýarlar. Günüň yssy wagtlarynda dynç alýarlar. Beýleki toýnakly haýwanlar ýaly, aýraklar hem süri bolup ýaşaýarlar. Olaryň sürüsi onlarça baş sana (50-100-e) ýetip bilýär. Aýraklar sany kemelip barýan, seýrek duş gelýän görnüş hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu haýwanlar Bathyz, Köpetdag, Sünt-Hasardag we Gaplaňgyr goraghanalarynda goralýar. Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň biodürlüligi köpeldiş merkezinde olaryň 7 başy saklanýar, olara dürli iýmit gorlary döredilýär.

Täze habarlar