Bag — durmuşyň bezegi
Gülden görkana baky berkarar ýurdumyza bahar paslynyň gelmegi bilen, bag-bossanly oba-şäherlerimiz öňküden hem gözel keşbe girdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» köpçülikleýin bag ekmegiň ýazky möwsümine badalga berildi.
Öz ýaşaýan obasyny, şäherçesini, şäherini abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek işlerinde işeňňirlik görkezýän welaýatymyzyň ruhubelent, zähmetsöýer ilaty hem ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan, Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz gününiň baýramçylyk çäreleri bilen utgaşan bag ekmek dabarasyna agzybirlik bilen köpçülikleýin gatnaşdy. Kalplarymyza nur, durmuşymyza bagtyýarlyk, ýüreklerimize joşgun çaýýan bahar paslynda bag ekip, gül ýetişdirip, öz obadyr şäherçeleriniň, şäherleriniň gözel görnüşine guwanýan uly-kiçi hemmeler dabaraly çärede saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň müňlerçe düýbüni oturtdylar. Şol gün zähmetsöýer adamlar diňe bir bag nahallaryny oturtmak bilen çäklenmän, eýsem, öz edara-kärhanalarynyň töwereginde gül ekmek, ozalky bar bolan baglary timarlamak, köçeleriň, ýanýodalaryň ugrundaky baglara ideg etmek işlerini hem geçirdiler.
Köpçülikleýin bag ekmek dabarasy howalanyp görünýän belent başly Uly Balkan dagyny alkymlap oturan welaýat merkeziniň ýaşaýjylary üçin hem hakyky zähmet baýramçylygyna öwrüldi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriniň belentden ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlarynyň astynda ählihalk bag ekmek çäresine gatnaşan ýaşuly nesliň wekilleri, şu ýyl «Ene mähri» hormatly adyna mynasyp bolan mährem eneler, ýaş çatynjalar, edara-kärhanalaryň işgärleri, talyp ýaşlar sogaply işi uly buýsanç bilen berjaý etdiler. Dag eteginde ynsan zähmeti bilen emele gelen bagy-bossanlyk tebigata özboluşly gözellik berdi.