Bagban bagyndan tanalýar

Jemgyýet
09.07.2025
309

Bagban bagyndan tanalýar

Magtymguly etrabynyň Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Çaryýar Ýollyýew ak bazarlarymyzyň dürli miwelerden, naz-nygmatlardan doly bolmagyna öz mynasyp goşandyny goşýan bagbanlaryň biridir. Onuň bagçylygy deňinden geçip barýanlaryň bada-bat ünsüni özüne çekmegi başarýar. Ol özüniň kärende ýerinde alma, erik, armyt, şetdaly, nar, ülje, tut ýaly agaçlary ösdürip ýetişdirýär. Çagalyk ýyllaryndan bäri ekin meýdanynda zähmet çekip, rysgal-bereket gazanyp gelýän halypa bagban ýaşynyň altmyşdan geçendigine garamazdan, daň säherde oýanyp, baglaryna ideg etmegi öz durmuş endigine öwrüpdir. Baglarynyň her ýylda diýen ýaly bol hasyl bermegi onuň çeken zähmetiniň ýerine düşýändigini görkezýär. Çagalygymdan bäri bagbançylyk bilen meşgullanyp gelýärin. Geçen uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetimiň netijesinde baý tejribe topladym. Her bir agaja ideg etmegiň aýratyn taraplary bolýar. Mysal üçin, erik agajy dersi halamaýar, nar agajy bolsa onuň tersine. Bag ýetişdirmekligiň şular ýaly inçe tilsimlerini öwrenmeklik köp ýyllyk zähmeti talap edýär. Bagçylygymda miweli agaçlar bilen birlikde, tut agaçlary hem köp. Ýüpek gurçugyna her ýylda diýen ýaly seredip, bol pile hasylyny almagyň hötdesinden gelýärin. Şu ýyl hem azabym kemsiz ýerine düşdi — diýip, tejribeli bagban gürrüň berýär.

Täze habarlar