Baglaryna buýsanýan bagban
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Döwletsähet Döwletsähedow etrapda göreldeli bagbanlaryň biri hasaplanylýar. Ol Magtymguly etrap poçta aragatnaşyk merkeziniň Garakel daýhan birleşigindäki hat gatnadyjysy bolup, 40 ýyldan gowrak wagt zähmet çekipdir. Häzir hormatly dynç alyşdaky ýaşula Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli, uzak ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmet nazara alnyp, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşurylypdyr. Ol işinden boş wagtlary bagbançylyk bilen meşgullanyp, ajaýyp bagçylygy ösdürip ýetişdiripdir. Döwletsähet aganyň 1,5 gektar mellek ýerinde miweli we miwesiz agaçlaryň dürli görnüşine gabat gelmek bolýar. Kärende ýeriniň esasy bölegine nar agaçlary tutýar. D.Döwletsähedow uzak ýyllaryň dowamynda bagbançylykdan öwrenen tärlerini ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde giňden peýdalanmagy başarýar. Hatar-hatar bolup ösüp oturan nar agaçlary bol hasylyny göterip bilmän, olaryň şahalary ýere degip dur. Ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmekde yhlasyny gaýgyrmaýan şeýle bagbanlara diňe «Rysgal-berekediňiz artsyn!» diýäýmek galýar.