Baglarynyň almasy bar, nary bar.

Syýahatçylyk
12.07.2024
222

Baglarynyň almasy bar, nary bar.

Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezi Günorta we Günbatar Köpetdagyň eteklerinde ösýän miweli we subtropiki ösümlikleri ýygnap saklamak, öwrenmek we olaryň oňat görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak işleri bilen meşgul bolýar. Merkeziň umumy tutýan meýdany 734 gektar bolup, onuň suwarymly ekerançylykda ulanylmaga ýaramlysy 123 gektar, dürli miweli we subtropiki baglaryň hem-de üzümiň sort toplumynyň  meýdany 19 gektardan gowrakdyr.

Merkez tarapyndan geçen döwür içinde miweli we subtropiki baglaryň 15 görnüşinden  5000-e  golaý sort görnüşleri daşary ýurtlardan getirilip, synagdan geçirildi. Merkeziň alymlary tarapyndan seleksiýa işleriniň netijesinde hurmanyň 8, üzümiň 1, badamyň 2, ýumşak şänikli naryň 4 sany görnüşi döredilip, önümçilige ornaşdyryldy. Bulardan başga-da, ösümlik bag gorlarynyň öwrenilmegi netijesinde pissäniň 8, erigiň 17, şetdalynyň 13, üljäniň 15, alçanyň 15, armydyň 5, beýiniň 6 görnüşi saýlanyp-seçilip sort synag uçastoklarynda synagdan geçirildi.

Dürli ýyllaryň dowamynda bu ýerde ösdürilip ýetişdirilen miweleriň dünýä derejesinde geçirilen sergilere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp  bolmagy aýratyn guwandyryjydyr.