Bagşy-sazandalaryň konserti
Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň medeniýet öýünde ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň «Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!» atly konserti welaýatymyzda ruhy joşguna beslenýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly çäreleriniň hataryny artdyrdy. Bagşy-sazandalaryň belent heňlerde ýerine ýetiren halk aýdym-sazlaryny tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar. Belek şäherçesine özboluşly bezeg berip duran kaşaň binada guralan milli saz gurallarynyň sergisi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ata-babalarymyzyň ussatlyk bilen ýasan, geçmişde ulanan saz gurallary milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny bütin dünýä aýan edýär. Dutar, gyjak, gargy we dilli tüýdük ýaly milli saz gurallarymyzy ýasap, saz çalyp, aýdym aýdýan bagşy-sazandalarymyz bu gün ajaýyp döwrümizi ussatlyk bilen wasp edýärler. Muny Belek şäherçe medeniýet öýünde guralan bagşy-sazandalaryň konserti ýene bir gezek aýdyň görkezdi.