Bagşylar joşa gelende
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirildi. Oňa gatnaşan bagşy-sazandalar, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, türkmen halk aýdymlaryny hem-de halk sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Milli aýdym-saz sungatyna höwesli ýaşlaryň barha köpelýändigini aýdyň görkezen bäsleşigiň netijesinde bagşylaryň arasynda Balkan welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nurberdi Gulow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Sahydursun Mätiýewa öňdeligi eýelediler. Sazandalaryň arasynda bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby Öwezgeldi Gutlyýew hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Dawut Gulbaýew ýeňiji bolmagy başardylar.
Olar bäsleşigiň ýurdumyz boýunça geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşarlar.