«Bagt köşgündäki» bäsleşik
Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň bilelikde yglan eden «Tans sungaty — parahatçylygyň ruhy joşguny» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirildi. Bäsleşige gatnaşan toparlar milli halk aýdym-sazlarymyzy, tanslarymyzy ýerine ýetirdiler. Şeýle-de düzüminde 15-20 sany agza bolan toparlar folklordan bir parçany ýerine ýetirdiler.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesi bilen, folklor toparlary boýunça Balkanabat şäher medeniýet bölüminiň «Şapak» folklor döredijilik topary baş baýraga, Gyzylarbat etrap medeniýet bölüminiň döredijilik folklor topary birinji, Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň «Sumbar» halk folklor topary ikinji, Esenguly etrap medeniýet bölüminiň «Küştdepdi» folklor döredijilik topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Tans toparlaryndan Gyzylarbat etrabynyň «Misserian» tans topary baş baýraga, Magtymguly etrabynyň «Elwan» tans topary birinji, Türkmenbaşy şäheriniň «Ýaşlyk» tans topary ikinji, Türkmenbaşy etrabynyň «Kenar» tans topary bolsa üçünji orunlara eýe çykdylar.