Bagtyýar körpeleriň arzyly ýeri

Çäreler
10.07.2025
320

Bagtyýar körpeleriň arzyly ýeri

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç çalyş merkezlerinde, şol sanda medeni dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Magtymguly etrabynyň merkezinde ýerleşýän «Arkadagly nesiller» çagalar medeni dynç alyş merkezi hem şeýle ýerleriň biridir. Tutýan meýdany 1,5 gektardan gowrak bolan çagalar medeni dynç alyş merkezi ulanylmaga berilen gününden bäri körpeleriň arzyly ýerleriniň birine öwrüldi. Onuň çäginde ýerleşýän attraksionlar, hiňňildikler, çagalar üçin awtodrom, oýun enjamlarynyň zaly, çaga oýnawaçlarynyň we azyk harytlarynyň dükany, garbanyşhana bu ýere gelýänleriň hyzmatynda. Merkezde diňe bir çagalaryň däl, gezelenje gelýän dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu ýerde wagtal-wagtal sungat ussatlarynyň çykyşlary hem guralýar.

Täze habarlar