Bagtyýar zenanlaryň buýsanjy

Medeniýet
04.02.2026
19

Bagtyýar zenanlaryň buýsanjy

Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň guramagynda geçirilen dabaraly maslahat 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, nebitgaz ulgamlarynyň işgärleri, mährem eneler, edara-kärhanalardaky ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary we talyp gyzlar gatnaşdylar. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek ýyly Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Üstümizdäki ýyl hem ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da artdyrjak ençeme taryhy wakalara beslener, halkymyzyň yhlasly zähmetiniň netijesinde ähli ugurlarda ýokary görkezijiler gazanylar. Çünki behişdi bedewler rowaçlygyň, rysgal-bereketiň, ösüşleriň nyşanydyr. Dabaraly maslahatda çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edip, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynyň hatyrasyna alnyp barýan beýik işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Şirin owazly aýdym-sazlarda Watanymyzyň, döwrümiziň, ýylymyzyň şygarynyň waspy belentden ýetirildi.

Täze habarlar