Bagtyýarlyk buýsanjy

Medeniýet
27.07.2022
172

Bagtyýarlyk buýsanjy

Balkan welaýat döwlet drama teatrynda welaýat medeniýet hem-de welaýat Baş bilim müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylarynyň 22-si gatnaşdy.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bäsleşikde kalplary ata Watana buýsançdan doly körpeler, çagalar döredijilik toparlary gezekli-gezegine çykyş edip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaş zehinleriň belentden ýerine ýetiren aýdym-sazlary berkarar ýurdumyzyň, ajaýyp döwrümiziň waspy bolup, dabaraly çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.