
Bagtyýarlyk ylhamy
Welaýat döwlet drama teatrynda welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda «Bagtyýarlyk ylhamy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Welaýatyň halypa ýazyjy-şahyrlaryny, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryny bir ýere jemlän duşuşyga Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew gatnaşdy. Onda döwletimizde çeper döredijilik bilen meşgullanýanlara öz zehinlerini, başarnyklaryny görkezmek, olaryň eserlerini giň okyjylar köpçüligine ýetirmek üçin uly mümkinçilikleriň döredilýändigi, Magtymguly Pyragynyň çuň mazmunly döredijilik dünýäsine goýulýan belent sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda teatr artistleri edebi-sazly sahna bilen çykyş etdiler, welaýatyň sungat ussatlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işlerini wasp edýän, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Şunuň ýaly döredijilik duşuşyklary welaýat kitaphanasynda, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi.