
Bagy-bossan hem gülzar
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň Balkanabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda yglan eden «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» hem-de «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşikleriniň jemleri jemlendi.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyny durmuşa geçirmegi, daşky gurşawy goramakda alnyp barylýan işlere ýaş nesilleriň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmagy we olarda tebigata bolan söýgini artdyrmagy maksat edinen bäsleşikler bilim-terbiýeçilik edaralaryny bagy-bossanlyga büremegiň ýola goýluşy, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi, ýetişdirilýän gülleriň we baglaryň suratlaryndan albom taýýarlamak, «Tebigat» burçuny bezemek, okuwçylaryň we körpeleriň gatnaşmaklarynda bag ekmek hem-de olara seretmek ýaly ugurlary öz içine aldy.
Netijede, «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» atly bäsleşikde 22-nji orta mekdep birinji, 8-nji orta mekdep ikinji, 21-nji orta mekdep üçünji orunlary, «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» diýen bäsleşikde 32-nji çagalar bagy birinji, 15-nji çagalar bagy ikinji, 34-nji çagalar bagy üçünji orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.