Bagy-bossanlyk — bagtyýarlygyň nyşany

Çäreler
21.03.2025
114

Bagy-bossanlyk — bagtyýarlygyň nyşany

 Geçen hepdäniň şenbe güni geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bag nahallaryny oturtmak üçin saýlanyp alnan ýerler, sözüň doly manysynda, baýramçylyk keşbine beslendi. Welaýatda bu sogap işe bagyşlanan esasy çäre Balkanabat şäherindäki welaýat köpugurly söwda bazarynyň golaýyndaky giňişlikde guraldy.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň döwrebap aýdym-sazlary, folklor hem-de tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, giňden döwre guralyp ýerine ýetirilen küştdepdi tansy bag nahallaryny oturtmak üçin ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Ilkinji bag nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine, köp çagaly enelere hem-de ýaş çatynjalara ynanylmagy çuň many-mazmuna eýe bolup, çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentliklerini has-da  belende göterdi.

Zähmet baýramçylygynyň dowamynda gözel künjekde oturdylan bag nahallary täze ýaşyl zolagy emele getirdi hem-de welaýat köpugurly söwda bazarynyň töwereginiň gözelligine gözellik goşdy. Welaýat merkezindäki seýilgählerde, köçeleriň ugurlarynda, önümçilik maksatly hem-de medeni-durmuş ähmiýetli ymaratlaryň daş-töwereklerinde hem hakyky zähmet baýramçylygy möwç urdy. Çäräniň geçýän ýerlerinde milli oýunlar, türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda Balkan welaýatynda dürli bag nahallarynyň 36 müňe golaý düýbi oturdyldy, şolaryň 10 müň 723-si miweli baglaryň nahallarydyr.