Baky Bitaraplygymyza bagyşlanan maslahat

Çäreler
10.12.2024
264

Baky Bitaraplygymyza bagyşlanan maslahat

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda “At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan!” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçen çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň bize asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilikleri açandygy, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-birege ynam bildirmek we hormat goýmak ýaly ýörelgeleriň döwletimiziň daşary syýasatynyň düýp özenini düzýändigi we ýurdumyzyň halkara derejede alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Dabaraly maslahatyň dowamynda aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, olarda baky Bitaraplygymyzyň, eziz Watanymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işleriň waspy mynasyp beýanyny tapdy.

Täze habarlar