Balary
Balary diýlende bal göz öňümize gelýär. Tebigatyň täsin jandary derde derman bal öndürýär. Ary baly öz hili boýunça dermanlyk häsiýeti ýokary bolan tebigy iýmitdir. Şonuň ýaly-da balarylarynyň ösümlikleri tozanlandyrmakda peýdasy uludyr. Şonuň üçin hem balçylar özleriniň balary maşgalalaryny gülleýän ösümlikleriň köp ýerinde goýmaga çalyşýarlar. Balarylar olaryň gülünden ýokary hilli nektar toplap, baglaryň bol hasyl getirmegine ýardam berýärler. Balarylary azapkeş jandardyr. Käbir maglumatlara görä, balarysy bir kilogram bal toplamak üçin iki million güle gonmaly bolýarlar we olaryň şiresini ýygnaýarlar. Ary baly zaýalanmaýar, gaýta, durdugyça dermanlyk häsiýeti ýokarlanýar. Ýabany, ýagny daglarda ýaşaýan balarylarynyň balynyň tagamy, ysy, dermanlyk häsiýeti, ýokumlylygy eldekileşdirilen arylardan alynýan baldan has ýokary hasaplanýarlar.