Balkan atçylyk sport toplumynda

Sport
24.05.2026
95

Balkan atçylyk sport toplumynda

Ýekşenbe güni Balkan atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky ýaryşlary geçirildi. Ilki bilen, üçýaşar bedewler 1200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Ý.Garaýewiň Isgender atly al aty pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Ikinji çapyşyk hem 1200 metr aralyga bolup, onda B.Atajykowyň Ýyldyz atly dor gysragy ähli atlardan ozup, öňdeligi eýeledi. Dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda Balkan welaýat kazyýetiniň Guwanjym II atly dor aty pellehana birinji bolup geldi. Dördünji çapyşyk 1800 metr aralyga guraldy. Dört we ulyýaşar atyň arasynda geçirilen bu çapyşykda B.Esenowyň Yhlasym atly gara dor aty hemmelerden saýlanyp, birinji orun üçin goýlan baýraga mynasyp boldy. Dört we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirilen jemleýji bäşinji çapyşyk hem 1800 metr aralyga bolup, P.Ýegşemowyň Gyrgözel atly gyr aty hemmelerden öňe saýlanmagy başardy.