
Balkan dagy - tebigatyň gudraty
Balkan welaýatynyň tebigatyna özboluşly gözellik eçilýän Balkan dagy ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy, howasynyň, çeşmeleriniň suwunyň arassalygy bilen özüne çekýär. Uly Balkan dagynyň iň beýik nokady bolan Arlan deňiz derejesinden 1881 metr belentlikde durýar. Ol başgaça “Düneşgala gerşi” diýlip hem atlandyrylýar. Uly Balkan bilen Köpetdagyň arasynda ýerleşýän Kiçi Balkan dagynyň iň beýik gerşi bolsa deňiz derejesinden 777 metr belentlikdedir.
Uly Balkan dagynda süýji suwly çeşmeleriň ençemesi bar. Bu ýerlerde mekan tutan bürgüt, käkilik, ýabany towuk, daşdeşen ýaly guşlar, dag goçy, dag tekesi, towşan, tilki ýaly haýwanlar üçin ol çeşmeler belli bir derejede ýaşaýşyň gönezligi bolup hyzmat edýärler.
Ösümlik dünýäsi hem örän baý bolan Uly Balkan dagynda deňiz derejesinden 600 metr ýokarda ösýän, seýrek duş gelýän arça tokaýlary giňden ýaýrandyr. Bu arçalar suwsuzlyga çydamlydyr. Dag gerişlerinde we onuň eteklerinde hoşboý ysly güller, badam, zirk, ülje ýaly köpýyllyk agaçlar hem bar. Jülgelerinde injir, çeşmeleriniň gözbaşynda miweli agaçlar köp bitýär. Balkan dagynda endemik, ýagny başga hiç ýerde duş gelmeýän ösümlikleriň 10-dan gowragy bar.
Balkan dagynyň haýwanat dünýäsi hem baý bolup, bu ýerde aýraga, umga, keýige, käkilige duş gelmek bolýar. Käkilikler dag belentliklerinde süri-süri bolup, jüýjeleri bilen köpçülikleýin ýaşaýarlar. Olar gyrymsy agaçlaryň ýapraklary, ýere gaçan miweler we kiçi mör-möjekler bilen iýmitlenýärler.