«Balkan» sagaldyş we dynç alyş merkezinde

Syýahatçylyk
22.07.2026
74

«Balkan» sagaldyş we dynç alyş merkezinde

Balkan welaýat häkimliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan» dynç alyş we sagaldyş merkezinde şu günler uly adamlar bilen birlikde, bagtyýar çagalar hem döwrebap dynç alýarlar. Merkez 300 orundan ybarat bolup, onuň 200-si uly adamlara, 100-si bolsa çagalara niýetlenilendir. «Balkana» dynç almaga gelýän çagalar mähir bilen garşylanylýar we uly alada bilen gurşalyp alynýar. Olaryň ýokary derejede dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin ähli şertler üpjün edilen. Dürli çäreler, döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary, deňziň üstünden öwüsýän jana şypaly howa, baglaryň, gülleriň anbar ysy, tebigatyň gözelligi olaryň ýadynda hemişelik galýar. Her tapgyrda 100 çagany kabul edýän merkeziň agzybir işgärleriniň bir maksady bar, ol hem ýaş nesilleriň ýokary derejede dynç almaklaryny, wagtlaryny peýdaly, şadyýan geçirmeklerini gazanmak bolup durýar. Bu ýerde çagalar kitap okaýarlar, dürli oýunlary oýnaýarlar, sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar, wagtly-wagtyna naharlanyp, kadaly ukularyny alýarlar. Bagtyýar çagalaryň ýüz-gözlerindäki şatlyk alamatlaryny göreniňde, sagaldyş we dynç alyş merkeziniň işgärleriniň tagallalarynyň ýerine düşýändigine göz ýetirýärsiň.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde