Balkan welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 7-nji sport mekdebiniň direktory Alym Jepbarow:

Jemgyýet
06.06.2023
432

Balkan welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 7-nji sport mekdebiniň direktory Alym Jepbarow:

— Her ýylyň 7-nji aprelinde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» hem uly dabaralar bilen bellenilip geçildi.

  • "Bu halkara sene mynasybetli welaýatymyzda geçirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çärelerine gatnaşmak bilen, özboluşly buýsançly pursatlary başdan geçirdim. Adamyň saglygyny berkitmekde hem-de dikeltmekde, dürli keselleriň öňüni almakda, ömrüni uzaltmakda örän uly ähmiýeti bolan welosiped sporty bilen meşgullanmaga höwesek ýüzlerçe ildeşlerimiziň hatarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşmaklygyň kalbyňda özboluşly ýakymlylyk döredýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Bahar paslynyň jana tenekar howaly säherinde guralýan şeýle köpçülikleýin ýörişler, aýdym-sazyň belent owazy, dürli sport ýaryşlary her ýylyň 7-nji aprelinde biziň ýurdumyzy baýramçylyk keşbini bezeýän ajaýyplyklardyr. Bütindünýä saglyk gününde biz bu ajaýyplyklaryň gözli şaýady bolup, özümiziň şu berkarar döwletiň raýatlarydygymyza buýsanjymyzyň çägi bolmady."

Täze habarlar