Balkan welaýat kitaphanasy

Medeniýet
27.11.2025
18

Balkan welaýat kitaphanasy

Balkan welaýat kitaphanasynyň täze binasy 2014-nji ýylda gurlup ulanmaga berlip, onuň umumy tutýan meýdany 12 müň 150 inedördül metr, beýikligi 45 metr, ini 50 metr, gapdal uzynlygy 115 metrdir. Kitaphana ýerzemin gaty bilen bilelikde alanyňda, 7 gatdan ybaratdyr. Onda 1 million neşir birligini saklamak hem-de birbada 360 okyja hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir, kitaphananyň ululy-kiçili 6 sany okalga zaly bar. Kitaphananyň ýerzemin gatynda neşir önümlerini aýawly hem-de maksada laýyk saklamak üçin niýetlenilen, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän uly gaznahana bar. Ol ýerde häzirki zaman tehniki enjamlar oturdylan rejeleýiş we dikeldiş bölümi üçin niýetlenilen aýratyn iş otaglary hem ýerleşendir. 1-nji gatda kitaphana hyzmatyny guramak hem-de kitaphananyň ýörite bölümleriniň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilendir. Bu gatda 70 orunlyk 4 sany umumy okalga zaly, 30 orunlyk enjamlaşdyrylan kompýuter zaly bar. Şeýle hem 1-nji gatda çagalar üçin oýun otagy, ýörite bölümleriň iş otaglary, golasty gazna üçin gaznahanalar, okyjylary hasaba almak we kitap bermek üçin ýörite beketler ýerleşdirilendir. Bu gatda ýaşulular üçin aýratyn okalga, 125 orunlyk mejlisler zaly hem bardyr. 2-nji gatda okyjylar üçin niýetlenen 2 sany umumy okalga zaly bar, şeýle-de hünärmenleriň iş otaglary, okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça ýörite beketler, kitaplary elektron hem-de adaty kartoçka görnüşde hasaba almak üçin kataloglar ýerleşdirilendir. 2-nji gatyň merkezinde «Türkmen kitabynyň taryhy» muzeýi bar, bu gatda okyjylar üçin 40 orunlyk internet otagy hem göz öňünde tutulandyr. 3-nji gatda ýörite enjamlaşdyrylan kiçi çaphana, fotolaboratoriýa, neşir önümleriniň aýratyn we ýörite görnüşlerini okamak hem-de ses ýazgylaryny diňlemek üçin lingafon otagy, neşir önümlerini rejelemek we gaýtadan dikeltmek bölüminiň iş otagy, kitaby jiltlemek we täze durkuna getirmek üçin enjamlaşdyrylan otag ýerleşýär. 4-nji gat kitaphananyň bölümlerini we hünärmenler üçin niýetlenen iş otaglaryny, şol sanda okuw we ylmy edebiýatlary, daşary ýurt edebiýatlary, milli neşir önümleri üçin ýörite otaglary we golasty gaznahanalary, 20 orunlyk maslahatlar otagyny öz içine alýar. Kitaphananyň 5-nji gatynda kitaphananyň bölümleri, hünärmenleri we ýolbaşçy düzümi üçin niýetlenen enjamlaşdyrylan iş otaglary bar. 6-njy gatda obserwatoriýa ýerleşýändir. Bu gatda açylyp-ýapylýan gümmez, obserwatoriýa üçin niýetlenilen iş otagy hem-de häzirki zaman kompýuter enjamlary we Awstriýa Respublikasynda öndürilen teleskop enjamy oturdylan otag ýerleşýär. Obserwatoriýa otagynda teleskopyň we kompýuterleriň kömegi bilen asman giňişligini synlamak mümkinçiligi döredilendir.

Täze habarlar