Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi

Taryh
08.10.2025
54

Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi

 Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi gymmatly tapyndylara örän baý bolup, onuň etnografiýa zalynda günbatar türkmenleriniň ýaşaýyş şertleri we durmuşy, däp-dessurlary, egin-eşikleri, şaý-sepleri eksponatlaryň üsti bilen giňişleýin açylyp görkezilýär. Muzeýiň taryh zalynda Balkan welaýatynyň taryhy ýadygärlikleri, şol ýerlerden tapylan tapyndylar hem-de maglumat jemlenendir. Zal welaýatda bar bolan arheologiýa we arhitektura ýadygärlikleri ýerleşdirilen kartany görkezmekden başlanýar. Welaýatyň taryhy ýadygärliklerinden tapylan gymmatlyklar hem bu bölümde öz beýanyny tapýar. Muzeýiň tebigat zaly welaýatyň haýwanat dünýäsiniň kartasy bilen başlanýar. Balkan welaýaty ýangyç we mineral serişdelerine örän baýdyr, ekspozisiýanyň dowamynda şol mineral serişdeler, welaýatyň toprak örtügi, klimat kartasy we gidromineral çig mal hazynasy bolan Garabogazköl aýlagy bilen tanşyp bolýar. Witrinalarda Esenguluda we Hazarda ýerleşýän, Hazar deňziniň kenarynda hereket edýän we öçen läbik wulkanlar, Garabogazköl aýlagynyň töwereklerinde ýerleşýän äpet daş şarlary we aýratyn duran dag belentlikleri görkezilendir. Şeýle-de bu zalda welaýatyň beýleki etraplarynyň tebigy we taryhy täsinlikleri bilen tanşyp bolýar. Türkmen suratkeşleriniň ajaýyp eserleri hem muzeýiň görnükli ýerlerinde ýerleşdirilendir. Bu eserler ýaş nesliň geljekde diňe bir öz geçmiş taryhyny däl-de, eýsem, dünýä sungatynyň nusgawy eserlerini öwrenmekligine uly ýardam berýär. Muzeýiň gymmatlyklarynyň köp bölegi Etrek etrabynda, Misserian düzlüginde ýerleşýän «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna bagyşlanandyr. Umuman, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelýänler şeýle täsinlikler, maglumatlar bilen giňden tanşyp bilýärler.

 

Täze habarlar