Balkan welaýatynyň açyk birinjiligi

Sport
27.05.2025
516

Balkan welaýatynyň açyk birinjiligi

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda  2012-2013-nji ýyllarda doglan we olardan kiçi ýaşly çagalaryň hem-de 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda sportuň grek-rim göreşi boýunça Balkan welaýatynyň açyk birinjiligi geçirildi. Gyzykly ýagdaýda geçen ýaryşda 2012-2013-nji ýyllarda doglan we olardan kiçi ýaşly çagalaryň arasynda Türkmenbaşy şäherinden Alan Mollakow, Alim Mollakow, Atajan Otuzow, Mary welaýatyndan Şahan Gandymow, Didar Atamyradow, Perman Orazberdiýew, Suhanberdi Mämmetgulyýew, Didar Rejepgeldiýew, 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda bolsa Balkanabat şäherinden Şazada Aýgylyjow, Türkmenbaşy şäherinden Jemşit Söýünow, Söhbet Serdarow, Mary welaýatyndan Resul Orazow, Magtym Aşyrmuhammedow dagy degişli agram derejelerinde ýeňiji bolmagy başardylar. Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy.