Balkanabadyň köpugurly sport toplumy

Sport
15.10.2025
143

Balkanabadyň köpugurly sport toplumy

 Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň garamagyndaky Balkanabat şäheriniň 10 müň tomaşaçy ýerleşýän ajaýyp stadionly köpugurly sport toplumy 2009-njy ýylyň 11-nji awgustynda ulanylmaga berildi. Onuň umumy meýdany 13 gektardan ybaratdyr. Desgada sportuň, esasan, futbol, basketbol, woleýbol, boks, göreş, suwda ýüzmek, agyrlyk götermek görnüşleri boýunça türgenleşikleri hem-de ýaryşlary geçirmäge mümkinçilikler bardyr. Köpugurly sport toplumynyň ajaýyp stadionynda dürli ýyllarda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň, Balkanabadyň «Nebitçi», Aşgabadyň «Altyn Asyr», Ahal welaýatynyň «Ahal» toparlarynyň halkara duşuşyklaryny geçirendiklerini bellemek gerek. Häzirki wagtda bolsa onda Balkanabadyň «Nebitçi» futbol topary duşuşyklaryny yzygiderli geçirip, her oýna ýüzlerçe tomaşaçy gelýär