Balkanabatda futbol festiwaly
Ýakynda Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk stadionly köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Ýüzlerçe ýaş futbolçylary bir ýere jemlän bu festiwal çagalaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli çäre boldy. Onuň esasy maksatlarynyň biri futbolyň hemmeler üçin elýeterli we gyzykly sport görnüşidigini görkezmekden ybaratdyr. Çagalar stadionyň ýaşyl meýdançasynda tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda gyzykly türgenleşikleri ýerine ýetirdiler. «Şu günki festiwal ýaş nesliň sporty nähili söýýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Balkanabatda şeýle zehinli we ruhubelent çagalaryň bardygyna biz örän guwanýarys» diýip, futbol festiwalynyň guramaçylary bellediler. Çäräniň ahyrynda ähli gatnaşyjylara futbol toplary sowgat berildi. Balkanabat şäherinde geçirilen bu festiwal ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalaryň arasynda futboly ösdürmek we ýaýbaňlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýediginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.