“Balkandokmanyň” ýokary hilli önümleri
Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýokary hilli döwrebap önümleri öndürip, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşlerine saldamly goşant goşýar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan kärhanada işler üç çalşykda alnyp barylýar. Bu ýerde zähmet çekýän işgärleriň agramly bölegi ýaş gyz-gelinlerdir.
Kärhanada şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan netijeler guwandyryjydyr. Ýylyň geçen üç aýynda kärhanada 1030 tonna ýokary hilli ýüplükler taýýarlanyp, olaryň pul hasabyndaky möçberi 24 million 199 müň 800 manatlyga barabar boldy.
Önümçiligiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän, dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilen kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanada öndürilýän önümler ýokary hilliligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde öndürilýän nah ýüplüklere diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär.