Balkanly basketbolçylar — ýurdumyzyň çempiony
Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy bilen bilelikde guramagynda 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen basketbol boýunça ýurdumyzyň birinjiligi balkanly basketbolçylaryň ajaýyp üstünligi bilen jemlendi. Yslam Täçmämmedowyň baş tälimçilik etmegindäki Balkan welaýatynyň ýygyndy topary aýlaw görnüşinde guralan birinjilikde lebaply garşydaşlaryny 67:47, Ahal welaýatynyň toparyny 77:28, Daşoguz welaýatyndan gelen deň-duşlaryny 84:50, maryly basketbolçylary 79:34, Aşgabat şäheriniň toparyny 61:58 hasaplarynda ýeňmekligi başardylar. Balkanly Abdylla Ussaýew ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi. Balkan welaýatynyň 16 ýaşa çenli basketbolçylardan ybarat ýygyndy topary ýurdumyzyň çempiony bolmak bilen birlikde, şu ýyl Özbegistan Respublikasynda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşmaga hem hukuk gazandy.