Balkanly zenanlaryň üstünligi
Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar, hormatym bar» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän çeper elli zenanlaryň arasynda guralan bäsleşik üç şertden ybarat bolup, birinji şertde oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ösüşleri, zenan mertebesi, milli mirasymyzyň, sungatymyzyň sarpasy barada buýsanç bilen söhbet etdiler. 30 minutyň dowamynda gyzjagazlar üçin niýetlenen köýnegi biçip hem tikip görkezmekden ybarat bolan ikinji şert has-da täsirli boldy. Bu şertde bäsleşige gatnaşyjylar milli lybaslarymyz, olara salynýan nagyşlaryň manysy, köýneklik matanyň saýlanyp alnyşy barada hem gürrüň berdiler. Üçünji şertde bäsleşige gatnaşyjylar öz tiken eşikleriniň esasynda döwrebap milli lybaslarymyzyň görkezilişini gurap, olary çeper wasp etdile