Balkanlylar baş baýragy eýelediler
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. Keçe sungatyna bagyşlanan bu bäsleşigiň birinji şertinde oňa gatnaşan zenanlar ýüň saýlap almak, boýamak, daramak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Keçe taýýarlamak üçin gerekli gurallaryň atlary hem-de olaryň ulanylyşy hakda gürrüň berdiler. Ikinji şertde keçe sungatynyň ussatlary öz welaýat aýratynlyklaryna görä, dürli gadymy nagyşlary salyp, keçe güllediler. Üçünji şertde keçe bilen bagly rowaýatlar, onuň nagyşlarynyň aňladýan manysy, bu gadymy senet bilen bagly yrymlar hakda gürrüň berdiler. Bäsleşige Balkan welaýatyndan Balkanabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisi Amantäç Bagyýewa we Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgüniň bagşysy Aýsoltan Allagulyýewa wekilçilik etdiler. Emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä hem balkanly zenanlar bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp bolmagy başardylar. Birinji orna Daşoguz welaýatynyň, ikinji orna Arkadag şäheriniň hem-de Lebap welaýatynyň, üçünji orna Aşgabat şäheriniň, Ahal hem-de Mary welaýatlarynyň çeper elli zenanlary mynasyp boldular. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.