Balyklara baý Hazar

Ýurduň çäginde
01.06.2025
146

Balyklara baý Hazar

Hazar deňziniň türkmen böleginde balyklaryň 61 görnüşi duş gelýär. Olaryň aglabasy bekreleriň, kefallaryň, azatmahylaryň, karplaryň, takgazlaryň we beýleki gymmatbahaly balyklaryň maşgalasyna degişlidir. Hazaryň türkmen böleginde seýrek duş gelýän, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen balyklaryň  biri-de Wolga takgazydyr. Gymmatly senagat görnüş bolan bu balyk deňziň türkmen suwlarynda göçýän wagty gabat gelýär. Gyşyna Günorta Hazarda 12-25 metr çuňlukda gezip iýmitlenýärler, ýazyna işbil taşlamakdan öňürti toplum-toplum bolup üýşýärler. Olaryň ýaşaýyş dowamlylygy 6-7 ýyldyr. Derýalarda köpelip, esasan, Wolga derýasynda 2-3 gezek nesil berýär. Işbillerini bölekleýin, üç gezek taşlaýar. Işbiller suwuň ýarym ýalpak düýplerinde bolup, 4-6 santimetre ýetenlerinden soň deňze geçýärler. Wolga takgazy leňňeç şekilliler, mör-möjekleriň liçinkalary we ownujak balyklar bilen iýmitlenýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen söp balygy Hazaryň diňe türkmen böleginde duş gelýär. Bekre balyklarynyň beýleki görnüşlerinden aşaky dodagynyň tutuşlaýyndygy, murtlarynyň seçeklidigi bilen tapawutlanýan bu balygyň uzynlygy 220 santimetre, agramy 80 kilograma çenli ýetýär. Deňizde işbil taşlaýan derýalaryndan uzaklaşmaýarlar, esasan, süýji suwuň deňze guýýan ýerinde iýmitlenýärler. Hazar deňziniň türkmen kenarynda, çuňlugy 10 metrden ýokary bolan ýerlerde ýaşaýarlar. Maglumatlaryna görä, olaryň ömür dowamlylygy 32 ýyla barabardyr.