Bank işgärleriniň bäsleşigi
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy hem-de milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli bilelikde yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Ak ýol» toý dabaralary merkezinde geçirildi.
Bäsleşige bank ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşyp, olar şertleriň üçüsi boýunça özara bäsleşdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, bank ulgamynda milli manadymyz dolanyşyga girizileni bäri geçen döwrüň içinde gazanylan üstünlikler bäsleşige gatnaşyjylaryň buýsançly çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. Şeýle-de olar şertlere laýyklykda, «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaba esaslanyp, milli tagamlary taýýarladylar, toý saçagyny bezediler, tagamlary taýýarlaýyşlary barada gürrüň berdiler. Goşgulardyr gazallary ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň jemi boýunça Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň bank kartlary bölüminiň hünärmeni Maral Şämiýewa birinji, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň tehniki üpjünçilik bölüminiň hünärmeni Nargül Hallyýewa ikinji, Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Balkan şahamçasynyň dolanyşyk kassa amallary bölüminiň hasapçysy Şabibi Durdyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşikde birinji we ikinji orunlary eýelänler onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.