Baş arçanyň yşyklary nur saçýar

Ýurduň çäginde
12.02.2022
142

Baş arçanyň yşyklary nur saçýar

Balkan welaýatynyň merkezinde we ähli etrap-şäherlerinde birkemsiz bezelen Täze ýyl arçalarynda baýramçylyk yşyklary dabaraly ýagdaýda ýakyldy.

Uzak ýollary aşyp gelen Aýazbabadyr Garpamyk welaýatyň dürli künjeginde bolup, täze gurlan binalar bilen tanyşdylar.

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde oturdylan welaýatyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna, egsilmez joşguna eýe boldy. Türkmen müçenamasynyň ýyllarynyň eýeleriniň keşplerini janlandyran medeniýet, sungat işgärleri, körpeler, talyp ýaşlar uzak ýollary geçip gelen Aýazbaba bilen Garpamygy päk arzuw-niýetler bilen garşy aldylar. Arzyly myhmanlar körpeleriň haýyşy bilen welaýatyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakdylar. Dürli öwüşginlerde şugla saçýan ajaýyp yşyklar Täze ýyl arçasynyň bezegini öňküdenem has artdyryp, döwrebap aýdym-sazlaryň belent owazy astynda baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýerini uly şatlyk-şowhunyň mesgenine öwürdi.

Toý lybasly çagalar, ýaşlar welaýatyň Baş arçasynyň daşynda Aýazbabadyr Garpamyk bilen el tutuşyp, döwre gurap aýlandylar, özleriniň ýürek arzuwlaryny, buýsançlaryny joşgunly tanslarda, labyzly goşgulardyr ýakymly aýdym-sazlarda beýan etdiler.