Baş baýdak meýdançasyndaky dabara
Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ak saçly eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk gutlaglaryna giň orun berlen dabarada Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Döwlet baýdagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri, gözel tebigatymyzy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlar bilen utgaşyp, dabara aýratyn bezeg berdi. Halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan, häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan «Küştdepdi» tansyny bu ýere ýygnanlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.