Baş baýdak meýdançasyndaky dabara

Çäreler
28.09.2024
354

Baş baýdak meýdançasyndaky dabara

Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren aýdym-sazly dabarasy “Garaşsyzlyk toýun tutýar Watanym” diýlip atlandyryldy. Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary, talyp ýaşlar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň, zehinli talyplaryň joşgunly çykyşlary türkmen sungatynyň baý mümkinçiligini beýan edýän döredijilik görnüşleri bilen tapawutlandy. Beýik Garaşsyzlygymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazlar biri-birine ulaşdy. Täze taryhy eýýamda nurana geljege okgunly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň köptaraply üstünliklerine, dünýä dolan şan-şöhratyna agzybir halkymyzyň buýsanjynyň, guwanjynyň beýikdigini aýdyňlyk bilen görkezen çuň mazmunly çykyşlara baý bolan baýramçylyk çäresi ýurt berkararlygymyzyň şanly senesini şöhratlandyran toý dabaralarynyň hataryny artdyrdy.

Täze habarlar