Baş baýrama belent buýsanjyň beýany
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly çäreler Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyzyň belent owazy astynda ýaşyl Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkymyza Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Gutlag çykyşlaryna giň orun berlen çärede medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary ýakymly täsirleri galdyrdy. Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada guralan «Garaşsyzlyk toýuny tutýar Watanym» atly aýdym-sazly dabara hem egsilmez şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň, talyp ýaşlaryň, çagalar tans toparlarynyň çykyşlaryna giň gerim berildi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň, ajaýyp döwrümiziň waspy ýetirildi.