Bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry

Medeniýet
05.08.2026
106

Bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi. Milli keçelerimiziň nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmegi, ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi we el işlerimize bolan höwesi artdyrmagy maksat edinen bäsleşige gatnaşan zenanlar onuň şertlerine laýyklykda, keçe taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmekde birek-birekden kem durmadylar. Olar ýüňi saýlamagyň, saýmagyň, daramagyň, boýamagyň, keçe güllemegiň we ony ýasamagyň usullary barada gürrüň berdiler. Şeýle-de milli aýratynlyklara görä nagyşlary salyp, keçe güllemekde öz başarnyklaryny görkezdiler. Keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, rowaýatlary, gazallary aýtdylar. Netijede, Balkanabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisi Amantäç Bagyýewa we Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparynyň bagşysy Aýsoltan Allagulyýewa baş baýraga mynasyp boldular. Bereket etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň işgäri Ajapgül Gurbandurdyýewa we şol etrabyň 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gültäç Kakajanowa birinji, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Abat Mämmedowa we şol etrabyň Çaloýuk geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni Ogulsapar Täçgeldiýewa ikinji, Gyzylarbat etrap Janahyr bekedi oba medeniýet öýüniň müdiri Gülzada Şyhdurdyýewa hem-de Gyzylarbat etrap medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy Altyn Atanyýazowa üçünji orunlary eýelediler. Bäsleşigiň baş baýragynyň eýeleri onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.